https://sportmedia.com.tm/habarlar/yuwentus-ronaldo-gidenson-yensi-yatdan-cykardy/CualguhZsXfFl6y.jpg

Italiýanyň çempionaty, Seria A-da çempionlygyň iň esasy dalaşgäri, iň köp çempionlyk gazanan topary Ýuwentusa täze möwsüme geçip, ýeňiş gazanmak başartmady.

Ilkinji tapgyrda deňme-deň oýnan turinliler 2-nji tapgyrda öz meýdançasynda Empoliden 2-1 asgyn gelipdi. 3-nji tapgyrda-da myhmançylykda Napoli bilen duşuşan Ýuwentus bu oýunda-da 2-1 hasabynda utuldy. 10-njy minutda Moratanyň goly bilen öňe saýlanan Ýuwentusyň derwezesinden Napoli toparyna  ýeňiş getiren gollary Politano (57) bilen Kolubali (85) derwezä girizdi.

Şunlukda, "Ýuwentus" Kristiano Ronaldo gideninden soň, yzly-yzyna 2-nji duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.