https://sportmedia.com.tm/habarlar/ycl-nin-finalyna-dasary-yurtly-jankoyerlerin-40-munusi-gatnasar/BbXqCSkLdQuHvUt.jpg

Futbol boýunça 2021/22 möwsüm Çempionlar ligasynyň finaly üçin Sankt-Peterburga 40 müňe golaý daşary ýurt janköýeriniň gelmegine garaşylýar. Bu barada Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Boris Pýotrowskiý žurnalistlere aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Sankt-Peterburg Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmek hukugyny 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda aldy. Ilkibaşda rus şäheri 2020/21 möwsüminde esasy Ýewropa ýaryşynyň final oýnuny kabul etmeli-di, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, 2019/20 möwsümindäki pleý-off oýunlarynyň köpüsi sekizleriň finaly görnüşinde oýnaldy, bu bolsa ozaldan meýilleşdirilen finalyň bir ýyl yza süýşürilmegine sebäp boldy. Indi Sankt-Peterburgda Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda geçiriler.

"Çempionlar ligasynyň finaly 27-nji maýda bellenilýän şäheriň güni bilen gabat gelýär. Çäreler 25-nji maýdan 30-njy maý aralygynda geçiriler"- diýip, Pýotrowskiý aýtdy. Şeýle hem ol şähere 40 müň daşary ýurtly janköýeriň gelmegi bilen baglylykda döräp biljek transport meseleleri barada-da durup geçdi.