https://sportmedia.com.tm/habarlar/us-openden-son-tenniscilerin-reyting-sanawyna-ozgertmeler-girdi/022YA5xB6FWnhWw.jpg

Ýakynda geçirilen ABŞ-nyň Açyk çempionatyndan soňra dünýäniň iň güýçli tennisçileriniň reýting sanawyna käbir üýtgeşmeler girizildi. Ýöne ýaryşyň ýeňijisi Daniil Medwedew bilen bu sanawyň kerwenbaşysy Nowak Jokowiçiň ozalky ornunda galandygyny ýatladýarys.

Russiýaly Andreý Rublýow iň güýçli bäşlige giren bolsa, norwegiýaly Kaspur Ruud ilkinji gezek öňdäki 10-luga girdi. Rafael Nadal bir, Dominik Tim bolsa iki basgançak aşak düşdi.

Täze sanawyň ilkinji 10-lugy şeýle tertipde:

1 (1). Nowak Jokowiç (Serbiýa) ― 12 133 

2 (2). Daniil Medwedew (Russiýa) ― 10 780

3 (3). Stefanos Sisipas (Gresiýa) ― 8 350

4 (4). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) ― 7 760

5 (7). Andreý Rublýow (Russiýa) ― 6 130

6 (5). Rafael Nadal (Ispaniýa) ― 5 815

7 (8). Matteo Berettini (Italiýa) ― 5 173

8 (6). Dominik Tim (Awstriýa) ― 4 995

9 (9). Rožer Federer (Şweýsariýa) ― 3 765

10 (11). Kasper Rud (Norwegiýa) ― 3 440.