https://sportmedia.com.tm/habarlar/ucunji-nesil-maldini-hem-gol-gecirdi/5swM1FpD3aDnOv2.jpg

Italiýanyň çempionatynda 6-njy tapgyrda Milan myhmançylykda Spesiýany 2-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Milanyň birinji goluny 48-nji minutda Çezare Maldininiň agtygy, rowaýaty Paolo Maldininiň ogly Daniel Maldini öz adyna ýazdyrdy. Oýna esasy düzümde meýdança çykan 19 ýaşyndaky ýarymgoragçy Seria A-da ilkinji gezek tapawutlandy. Milanyň 2-nji goluny 86-njy minutda Brahim Diaz derwezä girizdi.

Milan şäheriniň beýleki wekili Inter öz meýdançasynda Atalanta bilen 2-2 deňme-deň oýnady (L. Martines 5, Jeko 71 – Malinowski 30, Toloi 38). Oýunda Interiň oýunçysy Dimarko 86-njy minutda penaltini dürs urup bilmedi.