https://sportmedia.com.tm/habarlar/tuttosport-yene-lewandowskini-saylady/WmTNg4ckyKjVeKr.jpg

«Bawariýanyň» hem-de Polşa milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert Lewandowski Italiýanyň Tuttosport neşiri tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlanyldy. Bu barada neşire salgylanyp, matchtv.ru habar berdi.

Ozalky futbolçylardan we tälimçilerden ybarat emin agzalaryň topary Lewandowskini bassyr ikinji ýyl ýylyň oýunçysy diýip saýladylar.

Ikinji orny «Çelsiniň» we Italiýa milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jorjinýo, üçünji orny tomusda «Barselonadan» «PSŽ-ä» geçen argentinaly hüjümçi Lionel Messi eýeledi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 13-nji dekabrda Turinde geçiriler.