https://sportmedia.com.tm/habarlar/tuttosport-2021-nji-yylda-yewropanyn-in-gowy-futbol-menejerini-yglan-etdi/GFfuOwOpVe5gL4A.jpg

Londonyň "Çelsi" klubunyň müdiri russiýaly Marina Granowskaýa Tuttosport italýan neşirine görä, 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejeri diýlip ykrar edildi. Bu barada metaratings.ru habar berdi.

Neşir londonly klubuň ýeten üstünliklerini, şol sanda 2020/21 möwsüminiň Çempionlar ligasynda klubuň gazanan ýeňşine menejeriň goşan goşandyny belläp geçdi. Final oýunda Tomas Tuheliň şägirtleri "Mançester Sitini" 1:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.

2010-njy ýylda Granowskaýa, klubuň eýesi Roman Abramowiçiň wekili boldy. Şol wagtdan başlap, ol direktorlar geňeşini goldamak bilen meşgullandy. 2013-nji ýylda bolsa Granowskaýa “Çelsi FK” geňeşiniň düzümine goşuldy.

2021/22 möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň 12 aýlawyndan soň “Çelsi” 29 utuk bilen liganyň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem “Çelsi” Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň "H" toparçasynda dokuz utuk bilen ikinji ýerde durýar.