https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-tennis-yygyndysy-dewisin-kubogyndaky-cykysyny-tamamlady/U9cZlFBQ5yejii1.jpg

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň IV toparynyň Aziýa ― Okeaniýa zolagynyň pleý-off duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn gelip, ýaryşy tamamlady.

Şu gün ― 23-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda biziň ýygyndymyza ýene-de Isa Mämmetgulyýew bilen Ýuriý Rogusskiý wekilçilik etdi. Birinji duşuşykda Ýuriý Rogusskiý Hamad Abbas Jahaniden 2:6, 6:4, 2:6 hasabynda asgyn geldi. Ikinji duşuşykda Isa Mämmetgulyýew bolsa Omar Alawadhini 6:2, 6:0 hasabynda ýeňdi.

Jübütleýin duşuşyklarda garşydaş topar 8:6, 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy.