https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-sport-jemgyyetciliginin-wekilleri-dowlet-sylagyna-mynasyp-boldular/sdHJrZsHHy80hOz.jpg

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we käbir federasiýalardyr müdirlikleriniň, sport mekdepleriniň wekilleri Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen bu medala:

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň başlygy Ata Muhammedowiç Akmämmedow,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň baş derňewçisi Taganguly Öwezowiç Hangulyýew,

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygynyň orunbasary we baş tälimçisi Şamyrat Gölliýewiç Gurbanow,

Türkmenistanyň Agyr atletika Milli federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Bäşimowiç Mämmedow,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň müdiri Döwran Çagylow,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň müdiriniň okuw-sport işleri boýunça orunbasary Ahmet Ýazgeldiýewiç Ýazgeldiýew dagylar mynasyp boldy.