https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-futbol-yygyndysynyn-taryhyndaky-sowly-we-sowsuz-minutlar/5OgYIhhaNGrwUix.jpg

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy üçin iň şowly we iň şowsuz minutlaryň haýsylardygyny bilýärdiňizmi?

«Footballfacts.ru» saýtynyň maglumatlaryna görä, milli ýygyndymyzyň duşuşyklaryndaky iň şowly minut 85-nji minutdyr. Çünki ildeşlerimiz 1992-nji ýyldan bäri geçiren duşuşyklarynda şu minutda jemi 14 gezek tapawutlanypdyrlar.

Ikinji orunda bolsa 90-njy minut ýa-da duşuşygyň goşmaça wagty bar. Ildeşlerimiz şu güne çenli iň soňky sekuntlarda jemi 11 pökgi geçiripdirler.

Sanawyň üçünji ornunda her birinde 6 pökgi geçirilen 42-nji, 70-nji we 81-nji minutlar bar.

Milli ýygyndymyz üçin şowsuz minutlar bolsa, 47-nji we 90-njy minutlardyr. Şol minutlaryň her birinde türkmen futbolçylarynyň derwezesine 7 pökgi geçirilipdir.