https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-futbol-yygyndysynyn-taryhynda-gol-gecirip-bilmedik-we-gecirtmedik-minutlary/GKFCqBjxGfDr1dm.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 1992-nji ýyldan bäri duşuşyklarynda geçiren we derwezesine goýberden gollary barada täsin bir maglumaty paýlaşýarys.

Has takygy, milli ýygyndymyz Türkmenistanyň Futbol federasiýasy döredileni bäri, 90 minudyň diňe 7 minudynda garşydaş derwezelere pökgi geçirmändir. Olar 9, 15, 17, 19, 29, 32 we 38-nji minutlardyr. Görşüňiz ýaly, bu minutlaryň ählisi duşuşygyň birinji ýarymy bilen bagly.

Biziň ildeşlerimiz minutlaryň 13-sinde derwezesini berk gorap bilipdirler. Has takygy, garşydaş toparlar 2, 22, 23, 29, 31, 48, 50, 52, 58, 62, 74, 79 we 89-njy minutlarda türkmen futbolçylarynyň derwezesine ýeke pökgi hem geçirip bilmediler.