https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-futbol-yygyndysy-fifa-nyn-reytinginde-iki-basgancak-pese-dusdi/uACMqGOD9XHZxyp.jpg

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň bütindünýä reýtingini täzeledi. Täzelenen sanaw guramanyň resmi saýtynda paýlaşyldy.

Sanawyň ilkinji orny üýtgewsiz galdy. Belgiýa ýene-de sanawyň başyny çekýär. Ikinji orny Braziliýanyň, üçünji orny bolsa Fransiýanyň ýygyndysy eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy täze sanawda ozalky eýeleýän ornundan iki basgançak pese düşdi. Has takygy, milli ýygyndymyz 131-nji orundan 133-nji orna düşdi. Türkmenistanyň ýygyndysyna 1118 utuk berildi. Milli ýygyndymyz Komoros bilen Latwiýanyň aralygynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy taryhynda iň ýokary netijä 2004-nji ýylda çykdy. Şol ýylda milli ýygyndymyz FIFA-nyň reýtinginde 86-njy orna çenli beýgeldi. Iň pes netijämiz bolsa 2007-nji ýyldaky 174-nji orundyr.