https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-futbol-boyunca-milli-yygyndysy-taryhynda-15-gezek-11-metrlik-jerime-urgularyndan-peydalandy/jE53jo916CGOPzl.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1992-nji ýyldan bäri geçiren duşuşyklarynda jemi 15 gezek 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalandy.

«Footballfacts.ru» saýtynyň maglumatlaryna görä, biziň milli ýygyndymyzyň haýryna ilkinji 11 metrlik jerime urgusy 1992-nji ýylyň 11-nji iýulynda Täjigistan bilen duşuşykda berildi. 83-nji minutda bu urgyny dürs ýerine ýetiren Röwşen Muhadow milli ýygyndymyzyň taryhyndaky ilkinji penaltiçi boldy.

Biziň ildeşlerimiz ahyrky 11 metrlik jerime urgusyny 2019-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Aziýanyň kubogynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçirdi. Duşuşygyň 79-njy minudyndaky bu urgyny Ahmet Ataýew ýerine ýetirdi.

Taryhdaky 15 jerime urgymyzyň ikisi derwezeden sowa gitdi, galany gol bilen tamamlandy.