https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmenistanyn-dzyudo-yygyndysy-ijf-nin-tazelenen-reyting-sanawynda-66-njy-orny-eyeledi/9MvfKGL4pVDKUsC.jpg

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy sportuň bu görnüşi boýunça halkara federasiýanyň täzelenen reýting-sanawynda 66-njy orny eýeledi. Sanawa jemi 172 milli ýygyndy girizilipdir.

Umumylykda 3516 utugy bolan milli ýygyndymyzda soňky ýaryşlara görä, erkekler ýygyndymyza 691, zenanlarymyza 664 utuk berlipdir.

Sanawda milli ýygyndymyz Birleşen Arap Emirlikleri bilen Çernogoriýanyň aralygynda ýerleşýär.

Ýeri gelende aýtsak, sanawyň ilkinji 10-lugynda Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Braziliýanyň, Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlaryň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň ýygyndylary bar.