https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmen-futbolcysynyn-dasary-yurt-toparynda-goyan-rekordyny-16-yyl-bari-gaytalap-bilyan-yok/ByUsEVRMRHDHkwV.jpg

Golaýda  serbiýaly hüjümçi Boýan Matiç Özbegistan çempionatynda  Daşkendiň  «Pahtakor» toparynyň düzüminde gol geçirmek bilen, öz adyny bu toparyň düzüminde gol geçiren 24-nji daşary ýurtly futbolçy hökmünde taryha ýazdyrdy.

«Pahtakor»-da gol geçirenleriň arasynda türkmenistanly futbolçylar Goçguly Goçgulyýew bilen Aleksandr Krohmolyňam bardygyny bellemek gerek.

Ildeşimiz Goçguly Goçgulyýew «Pahtakor» toparynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren (26) daşary ýurtly goragçydyr. Ildeşimiziň bu rekordy heniz hem täzelenmedi we bu ýagdaý klubuň internet sahypasyndaky ýörite suratda hem öz beýanyny tapýar.

Ýeri gelende bellesek, Goçguly Daşkendiň bu toparynda gol salan daşary ýurtlularyň sanawynda  güýçli 3-likden orun alýar.

Daşkendiň «Pahtakor» toparynyň düzüminde gol geçiren 24-nji daşary ýurtly futbolçylaryñ sanawy.