https://sportmedia.com.tm/habarlar/turkmen-dowlet-bedenterbiye-we-sport-institutynyn-mugallymlarynyn-ikisi-turkmenistanyn-watana-bola-soygusi-ucin-medaly-bilen-sylaglanyldy/MuC3hFJt7zZQvPR.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlarynyň ikisi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Has takygy, bu medala institutyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurbanowiç Gurdow we sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy, sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dekanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şöhrat Begmyradowiç Mämmedow mynasyp boldy.