https://sportmedia.com.tm/habarlar/tokioda-asgabat-rekordy-tazelenmedi/P9xVGZW5KNYCZhx.jpg

Şu günlerde Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda tomusky olimpiýada oýunlary dowam edýär. Bu gün agyr atletika boýunça 109 kg agramda ýeňijiler belli boldy. Bu agramda köpleriň garaşmadyk netijesine şaýat bolduk. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionaty arkaly bize gowy tanyş bolan Simon Martirosýan bu gün şowsuzlyga uçrady. Ol umumylykda 423 kg agramy galdyryp (195 + 228 = 423), ikinji orny eýeledi. Bu agramda altyn medaly alan özbegistanly türgen 430 kg (193 + 237 (OR)) = 430 kg. (OR) göterip, olimpiýada rekordyny täzeledi. Emma Aşgabat rekordy bolsa üýtgemän galdy. Ýadyňyzda bolsa, Aşgabatda geçen dünýä çempionatynda ermenistanly türgen Simon Martirosýan umumy 435 kg göterip dünýä rekordyny täzeläpdi.