https://sportmedia.com.tm/habarlar/tfc-nin-10-njy-tapgyry-kopetdag-myhmancylykda-nebitcini-yendi/PVwAKjal392mNIz.jpg

«Köpetdag» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykdy.

Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk «Köpetdagyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini birinji ýarymda Begenç Akmämmedow geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Köpetdag» utugyny 14-e çykaryp, dördünji orundaky ýerini gorady. «Nebitçi» bolsa 10 utukda galdy.

11-nji tapgyrda «Nebitçi» myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşar. «Köpetdag» bolsa «Altyn asyry» kabul eder.

“Nebitçi” – “Köpetdag” – 0:1

Gol: 0:1 51' Begenç Akmämmedow 

Duýduryşlar: 53 Azat Garajaýew (“Nebitçi”) – 4 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)