https://sportmedia.com.tm/habarlar/tfc-nin-10-njy-tapgyry-ahal-yarysyn-ahyrky-ornundaky-topar-bilen-bolan-dususykda-utuk-yitirdi/AH71db5DrtFGuwp.jpg

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda Mary şäherinde «Energetik» bilen «Ahalyň» arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikinji aýlawda birinji aýlawdaky ýaly okgunly çykyş edip bilmeýän «Ahal», ýaryşyň ahyrky basgançagyndaky bäsdeşi bilen duşuşykda hem utuk ýitirdi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bu deňlikden soň ýer eýeleri 5, «Ahal» 19 utuga çykdy.

11-nji tapgyrda «Ahal» myhmançylykda «Şagadam» bilen duşuşar. Şol gün ― 10-njy dekabrda «Energetik» hem «Merwiň» myhmany bolar.

“Energetik” – “Ahal” – 0:0

Duýduryşlar: 18 Daýanç Durdyýew, 18 Perman Hallyýew, 40 Teýmur Çaryýew, 76 Begmyrat Pirkuliýew, 90+8 Mekan Nasyrow (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E. Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)