https://sportmedia.com.tm/habarlar/su-gije-nba-nyn-taze-mowsumine-badalga-berler/OFunU2xyjhccZCz.jpg

Dünýä basketbolynyň iň uly, iň şowhunly guramaçylygy hasaplanýan Amerika Milli Basketbol Ligasynyň, ýagny NBA-nyň täze möwsümine şu ýarygijeden soň (20-nji oktýabrda) badalga berler. 75-nji möwsümiň açylyş duşuşygynda çempion Milwaki Baks bilen Bruklin Nets duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen daňdanlar 04:30-da başlar. Bu duşuşygyň yzysüre Los Anjeles Leýkers öz meýdançasynda Golden Steýt Warriors bilen güýç synanyşar (07:00).

Täze möwsümiň öňüsyrasynda çempionlygyň iň esasy dalaşgärleri hökmünde häzirki çempion Milwaki Baks, Los Anjeles Leýkers, Bruklin Nets, Finiks Sans hem-de Golden Steýt Warriors toparlary hasaplanýar.

NBA-da adaty möwsüm 10-njy aprelde tamamlanar. 12-15-nji aprel aralygynda Play-In tapgyry geçiriler. 16 aprelden başlanjak Play-Off tapgyry iýun aýyna çenli dowam eder. Iýun aýynyň 2-sinden 19-yna çenli aralykda-da NBA-nyň final oýunlary oýnalar.