https://sportmedia.com.tm/habarlar/sport-hunarmenlerinin-dordusine-turkmenistanyn-at-gazanan-talimcisi-diyen-hormatly-at-dakyldy/aAndBjDd6RkrGJk.jpg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sport hünärmenleriniň dördüsine «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakdy. Ine, olar:

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň baş tälimçi-mugallymy Rawza Husnullaýewna Nabiullina,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Karina Aleksandrowna Mowsesýana,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Gülendam Irgaşowna Narbaýewa,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Jenneta Rustamowna Hallyýewa.