https://sportmedia.com.tm/habarlar/sagadam-yygyndyny-utdy/HKd2tMskc5EgdjN.jpg

Şu gün Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy, yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin saýlama oýunlara taýýarlyk görmegiň çäginde Türkmenbaşynyň “Şagadam” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Aşgabat şäherindäki adybir “Aşgabat” stadionynda geçirilen bu oýunda deňizýakalylar oýnuň 60-njy minudynda Yhlas Magtymow tarapyndan geçirilen gol esasynda  ýeňiş gazandylar.

Bu oýun Ahmet Agamyradowyň türgenleşdirýän topary bolan (U23) ýaşlar ýygyndymyza halkara oýunlara taýýarlanmaga ýardam beren bolsa, “Şagadam” üçinem möwsümiň öňünden taýýarlyk wezipesini ýerine ýetirdi.