https://sportmedia.com.tm/habarlar/russiyanyn-milli-basketbol-topary-germaniyadan-utuldy/0fGrJotd4GUxe18.jpg

Russiýanyň basketbol boýunça erkekler topary Olimpiýa saýlama ýaryşynda ýeňildi. Ruslar Germaniýanyň milli ýygyndysyndan 67:69 hasabynda utuldy we Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi.

Birinji çärýek, bäsdeşlerinden iki utuk köp gazanan Russiýa milli ýygyndysynyň sähelçe artykmaçlygy bilen tamamlandy - 17:15. Ikinji on minutlyk hem deň söweşde geçdi we ruslaryň birneme artykmaçlygy bilen tamamlandy - 18:17. Duşuşygyň häsiýeti üçünji çärýekde-de üýtgemedi, ýöne netijeleri boýunça hasap eýýäm deňme-deň boldy - 18:18. Oýnuň soňky çärýegi aýgytly boldy. Uzak wagtlap toparlar gezekli-gezegine öňe saýlanýardy, ýöne soňy nemes basketbolçylary bilen galdy - 14:19.

Russiýa: Worontsewiç - 17, Antonow - 9, Baburin - 6, Kardanahişwili - 6, Mozgow - 6, Motowilow - 6, Uhow - 6, Astapkowiç - 5, Iwlew - 4, Komolow - 2.

Germaniýa: Woigtmann - 13, Wagner - 12, Giffeý - 11, Saýbu - 11, Bensing - 6, Lo - 5, Timan - 5, Bartel - 3, Obst - 3.