https://sportmedia.com.tm/habarlar/ronaldo-dunya-rekordyny-tazeledi/ZI53ZOzQdaTG2Rf.jpg

Portugaliýa milli ýygyndysy Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama ýaryşynyň çäklerinde 2:1 hasabynda Irlandiýany ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňiş gazananlaryň iki goluny “Mançester Ýunaýted”-iň täze alan hüjümçisi Kristian Ronaldo öz adyna ýazdy we taryha girmegi başardy.

Has dogrusy, bu gollar Ronaldo üçin milli ýygyndydaky 110-111-nji gollar boldy. Golaýda Kristianyň milli ýygyndyda gol geçirmek babatynda eýranly rowaýaty futbolçy Aly Daýa deňleşenligi (109) aýdylypdy. Indi bolsa portugaliýaly ýyldyz bu babatda yklymdaşymyzy yzda galdyryp, dünýä rekordyny täzeledi.