https://sportmedia.com.tm/habarlar/robert-lewandowski-cempionlar-ligasynda-taze-rekord-goydy/5qjqWLvrPJBgVUc.jpg

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyr bäşinji aýlawynyň myhmançylykdaky oýnunda “Bawariýa” Kiýewiň "Dinamosyndan" üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Robert Lewandowski (14-nji minut), Kingsli Koman (42) gol geçirdi.  Kiýewlilerden Denis Garmaş tapawutlandy (70). Ýatlap geçsek, Lewandowski öz goluny üstaşyr zarba bilen geçirmegi başardy.

Polşaly hüjümçi häzirki Çempionlar ligasynyň bäş oýnunda eýýäm dokuz gol geçirdi. Mundan başga-da, Lewandowski taryhda bu ýaryşda iki gezek yzly-yzyna 9 oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy boldy (ilkinji gezek 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçiripdi). Bu görkeziji boýunça rekord eýesi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kristiano Ronaldo bolup durýar. Ol Çempionlar ligasynyň yzly-yzyna 11 oýnunda gol geçirdi.

Çempionlar ligasynyň yzly-yzyna, azyndan, 9 oýnunda gol geçiren oýunçylar şulardan ybarat:

  • Ruud wan Nistelroý (9)
  • Kristiano Ronaldo (11)
  • Robert Lewandowski (9)