https://sportmedia.com.tm/habarlar/polina-guryewa-turkmenistanyn-at-gazanan-sport-ussady-diylen-hormatly-at-dakyldy/ffRa5Lh07W0mEN6.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýlen hormatly at dakyldy.

Mälim bolşy ýaly, Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlaryna gatnaşan ildeşimiz 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, iki görnüşiň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije görkezdi we 14 türgeniň arasynda ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, Polina Gurýewa Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy.