https://sportmedia.com.tm/habarlar/phoenix-nba-nyn-finalynyn-birinji-oynunda-milwaukee-ni-yendi/dqFNI3xBzmRBGaz.jpg

NBA finalynyň birinji oýnunda "Phoenix Suns" öz meýdançasynda "Milwaukee Bucks" toparyny 118:105 hasabynda ýeňdi.

Meýdançada ýeňijileriň arasynda iň köp utuk gazananlar Kris Pol (32 utuk we 9 asist), Devin Buker (27 utuk) we Deandre Aýton (22 utuk we 19 ribaund) boldy.

"Milwaukee-niň" düzüminde Yannis Adetokunbo (20 utuk we 17 ribaund), Bruk Lopez (17 utuk) we Kris Middlton (29 utuk) has tapawutlanmagy başardylar.

Bu toparlaryň gatnaşmagynda final tapgyrynyň ikinji oýny 9-njy iýulda bolar.