https://sportmedia.com.tm/habarlar/ozalkysy-asgabatda-gecirilen-aziya-oyunlarynyn-yedinji-duselgesi-saud-arabystany-bolar/YuK28N3wbd52niG.jpg

Saud Arabystany 2025-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny kabul etmäge hukuk gazandy.

Bu ýaryşyň bäşinjisi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Taýlandda meýilleşdirilýän altynjy oýunlar bolsa, pandemiýa sebäpli 2022-nji ýyla çenli yza süýşürildi. Şeýlelikde, Saud Arabystany ýedinji oýunlary kabul eder.

Saud Arabystanynyň 2027-nji ýylda futbol boýunça Aziýanyň kubogyny, 2034-nji ýylda Aziýa oýunlaryny hem kabul etjekdigini ýatladýarys.