https://sportmedia.com.tm/habarlar/owez-owezow-ozbegistanda-gecyan-aziya-cempionatynda-7-nji-yeri-eyeledi/45Bg5pQhQ5qBYLn.jpg

23 ýaşly sport ussady Öwez Öwezow, 109 kilograma çenli agram derejesinde 10 agyr atletikaçynyň arasynda 7-nji ýeri eýeledi.

2 tapgyryň jemi boýunça Öwez 380 kg-y (175+205) göterdi. Bu agramda ilkinji iki ýeri Özbegistandan agyr atletikaçylar aldy: Rio de Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň çempiony, dünýä çempiony we Dünýä Uniwersiada-2013 ýaryşynyň ýeňijisi, itekläp götermek boýunça dünýä rekordy goýan, Ruslan Nurudinow üçünji gezek Aziýanyň çempiony boldy - 429 kg (188+241), ýetginjekleriň arasynda iki gezek dünýä çempiony bolan Akbar Juraýew, kümüş medal gazandy - 428 kg (194+234). 2010-njy we 2014-nji ýyllarda geçirilen Aziýa oýunlarynyň çempiony, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda dünýä çempionatlarynyň baýrakly orunlarynyň eýesi, silterläp götermekde dünýä rekordyny goýan, Zang Zhe (Hytaý) - 415 kg (200 + 215) bürünç medala mynasyp boldy.

çeşme: https://turkmenistan.gov.tm