https://sportmedia.com.tm/habarlar/nowak-jokowic-medwedewi-we-radukanuny-gutlady/XtrwSQIfm2xtwKS.jpg

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç "Instagram" sahypasy arkaly "US Open" ýeňijileri Daniil Medwedewi we Emma Radukanuny gutlady.

Gutlagda şeýle sözler bar:

«Iki çempiony hem gutlaýaryn! Zenanlaryň tennisinde ajaýyp taryhy öwrülişik bolup geçdi. Emma, sen ― ajaýyp! Daniil, sen bolsa ilkinji gezek «Uly tuwulga» eýe bolduň. Berekella! Men ikiňize-de el çarpýaryn».

Medwedew bolsa oňa şeýle jogap berdi: «Bu sözler üçin köp sag boluň! Siz hakyky çempion we ylham beriji ynsansyňyz».