https://sportmedia.com.tm/habarlar/nba-da-taze-rekord-goyuldy/LDji2zTPprPMULG.jpg

«Memfis» NBA-nyň utuk tapawudy boýunça rekordyny täzeledi. Topar «Oklahomany» 152:79 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, tapawut 73 utuk boldy. Öňki rekord 68 utukdy. Bu rekord 1991-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Maýami» (148: 80) bilen «Kliwlendiň» arasynda geçen oýunda goýlupdy.

«Memfisiň» oýun wagtynda iň uly artykmaçlygy 78 utuga çenli ýetdi.