https://sportmedia.com.tm/habarlar/milwaukee-atlanta-ny-seria-hasaby-boyunca-4-2-yenip-nba-nyn-finalyna-cykdy/71fkSeAoyaPLdy9.jpg

Atlantada (ABŞ), "State Farm Arena" stadionynda "Atlanta Hawks" bilen "Milwaukee Bucks-yň" arasynda Gündogar konferensiýasynyň final tapgyrynyň altynjy oýny geçirildi, oýun myhmanlaryň 118:107 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy we seriýada - 4-2 hasabynda ýeňiş gazandy.

"Milwaukee-niň" ýeňşine hüjümçi Kris Middlton 30 utuk, 4 ribaund we 7 asist bilen iň möhüm goşant goşdy. Goragçy Žru Holidey "Tripple-double" etmäge golaý geldi - 27 utuk, 9 ribaund we 9 asist.

"Atlanta-nyň" iň köp utuk gazanan oýunçysy hüjümçi Kam Reddiş - 21 utuk, 3 ribaund we 3 asist boldy.

Günbatarda "Phoenix Suns" NBA-nyň pleý-off-unyň finalyna çykmagy başardy, olar hem "Los Angeles Clippers-i" alty oýunda (4-2) ýeňdi.