https://sportmedia.com.tm/habarlar/messinin-7-nji-altyn-topy/XdMxgW2UwgbUlGd.jpg

«France Football» žurnalynyň gowşurýan «Altyn top» baýragyny Argentina we PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messi aldy. 

Ol 2009 — 2012-njy ýyllar aralygynda yzly-yzyna dört gezek we 2015, 2019-njy ýyllarda bu baýraga mynasyp görüldi. Bu baýrak argentinaly oýunçynyň 7-nji «altyn topudyr». 

Messi, şeýlelikde, rekordy özünde saklamagy dowam edýär. 

Oňa iň ýakyn oýunçy 5 «altyn toply» (2008, 2013, 2014, 2016, 2017 ýyllarda) Ronaldodyr. Ol şu ýyl 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek üçlüge düşüp bilmedi. Ronaldo bu ýyl ikinji bäşlikde, ýagny 6-njy orny aldy.