https://sportmedia.com.tm/habarlar/messi-gollarynyn-sanyny-750-a-cykardy/dXlepkFAOeWeNhL.jpg

Argentina milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi günorta amerikaly oýunçylaryň arasynda milli topar üçin geçiren gol sany boýunça rekord goýdy. 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Boliwiýa bilen oýnunda Messi üç gol girizdi. Bu onuň toparyna garşydaşyny 3:0 hasabynda utmaga mümkinçilik berdi.

«TM Carsyň» habarynda ýazylyşy ýaly, Messi karýerasy üçin professional derejede geçiren gollarynyň sanyny 750-ä ýetirdi. Munuň üçin ol 932 oýna gatnaşmaly boldy diýip, sport-express.ru belleýär. 

Milli ýygyndy üçin het-trikden soň, Messi 79 gol bilen Günorta Amerikanyň milli ýygyndylarynyň arasynda gol sany boýunça öňki rekord eýesi Peleden (77 gol) öňe geçip, lider boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysy saýlama toparynda Braziliýadan üç utuk yza galyp, ikinji orny eýeleýär.