https://sportmedia.com.tm/habarlar/messi-fransiyanyn-cempionatyndaky-ilkinji-goluny-gecirdi/9whVvWnMdmpYPJH.jpg

Fransiýa çempionatynyň 14-nji tapgyrynda PSŽ «Nanty» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda argentinaly ýyldyz Lionel Messi Liga 1-däki ilkinji goluny tora girizdi.

Ondan öň, oýunda Kylian Mbappe hem gol geçirdi. "Nantyň" oýunçysy Dennis Appia bolsa öz derwezesine gol geçirdi. Şeýle hem Keýlor Nawas 65-nji minutda gyzyl kartoçka alyp, oýundan çykaryldy. "Nantyň" ýeke-täk goluny Rendal Kolo Muani tora girizdi.

34 ýaşly Messi şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda PSŽ-de dokuz gezek çykyş edip, dört gol geçirdi. Häzir parižliler 37 utuk toplap, sanawyň öňüni çekýärler.