https://sportmedia.com.tm/habarlar/merw-bilen-sagadam-mowsumde-ikinji-gezek-dususar/5BsFIkgziIgNzRE.jpg

Ertir ― 26-njy noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berler. Täze aýlawyň ilkinji, umumy möwsümiň bolsa 8-nji tapgyrynyň açylyş duşuşygynda «Merw» «Şagadamy» kabul eder.

Iki toparyň arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşyk «Şagadamyň» 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Häzir «Merw» 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda barýar. 14 utukly «Şagadam» bolsa üçünji orunda.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň ertir ― 26-njy noýabrda Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljekdigini habar berdi. Duşuşyk gündiz sagat 15-00-da başlanar.

TFF-niň eminler bölümi duşuşyga aşakdaky resmi adamlary berkitdi:

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Mary ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.).