https://sportmedia.com.tm/habarlar/maykl-jordanyn-meshur-sport-ayakgaby-satyldy/Pe74QZCoSmvm0Kp.jpg

Maýkl Jordanyň 1984-nji ýylda “NBA” möwsüminde geýen sport aýakgaby 1 million 472 dollara satyldy. “Sotheby” auksion öýüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunyň habaryna görä, “Nike” markaly sport aýakgaby Las-Wegasda auksiona çykaryldy. Satuw bahasy, takmynan, 1-1,5 million dollar bolar diýlip çaklanyldy. Jordanyň “Nike” markaly sport aýakgabyny Nik Fiorella atly kolleksioner satyn aldy.

Bu jübüt sport aýakgaby, esasanam Maýkl Jordan üçin ýörite taýýarlanmagy bilen meşhurdyr.  Ol ilki bilen bu aýakgabyny çempionatyň bäşinji oýnunda geýdi, sebäbi “Nike” kompaniýasy möwsümiň başynda aýakgap taýýarlamaga wagt tapmady.

Bu aýakgaba basketbolçynyň lakamyna öwrülen “Air Jordan” ady dakyldy.

Maýkl Jordan alty gezek “NBA” çempiony boldy we ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol 2003-nji ýylda sport durmuşyny tamamlady.