https://sportmedia.com.tm/habarlar/maykl-jordan-taryhda-sportdan-in-kan-girdeji-alan-turgen-boldy/2AfPLOArtmtayne.jpg

Sport işewürligi bilen ýöriteleşen “Sportrico” neşiri ähli döwürleriň iň ýokary hak tölenen türgenleriniň sanawyny düzdi.

Neşir bu sanawy düzende öz seljermelerine, “Forbes” hem-de beýleki media gurluşlaryň maglumatlaryna esaslandy. Her bir türgeniň gazanýan girdejisi onuň zähmet haky, pul baýraklary, mahabat şertnamalary we beýleki gazançlaryndan ybaratdyr.

Sanawy düzen neşir, türgenleriň oýnan döwürlerini we sport bilen hoşlaşanlaryndan täze 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli aralykda gazanan girdejilerini göz öňünde tutdy.

Sanawyň ilkinji 25-liginde orun alan türgenler sportuň 8 ugruna wekilçilik edýärler. Olaryň jemi girdejisi 25,5 milliard dollara deňdir.

Bu sanawda dünýä belli basketbolçy Maýkl Jordan ähli döwürlerdäki iň baý türgen hökmünde birinji orny eýeledi. “Çikago” toparynyň ozalky basketbolçysy Jordan sport durmuşy döwründe 2,6 milliard dollar gazandy.

Sanawda ikinji orny alan golfçy Taýger Wuds bolsa 2,1 milliard dollarlyk girdejisi bilen öňe saýlandy. Futbolçylaryň arasynda-da iň baýy “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly futbolçysy Kristiano Ronaldo boldy. Onuň gazanjy 1,24 milliard dollara deňdir.

Sanawdaky ilkinji 10 türgen:

1. Maýkl Jordan (basketbol) – $ 2,62 mlrd

2. Taýger Wuds (golf) – $ 2,1 mlrd

3. Arnold Palmer (golf) – $ 1,5 mlrd

4. Jek Niklaus (golf) – $ 1,38 mlrd

5. Kristiano Ronaldo (futbol) – $ 1,24 mlrd

6. Floýd-Meýwezer (boks) – $ 1,2 mlrd

7. Lebron Jeýms (basketbol) – $ 1,17 mlrd

8. Lionel Messi (futbol) – $ 1,14 mlrd

9. Mihael Şumaher (awtosport) – $ 1,13 mlrd

10. Rojer Federer (tennis) – $ 1,12 mlrd.