https://sportmedia.com.tm/habarlar/kristian-ronaldo-ginnesin-rekordlar-kitabyna-girdi/XfpVKsN0oRNW4tM.jpg

“Mançester Ýunaýted” toparynyň we Portugaliýa milli ýygyndysynyň hüjümçisi  Kristian Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.

36 ýaşly futbolçy milli ýygyndyda (golaýda habar beripdik) gol urmak babatynda rekord goýdy.

Forward özüniň Instagramdaky sahypasynda özüne berlen sertifikaty bilen düşen suratyny paýlaşdy.

Ol surat bilen bile:

“Ählisi üçin sag boluň! Adamyň dünýäniň rekordçysy diýlip atlandyrylmagy gaty ýakymly duýgy ekeni. Indi mundanam gowy netijeler gazanmaga hereket ederin”- diýip, ýazgy galdyrdy.