https://sportmedia.com.tm/habarlar/kosowanyn-futbol-yygyndysy-fifa-nyn-sanawynda-in-yokary-netija-cykdy/wVDNGGCB3ArEmOl.jpg

Kosowanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň sentýabr aýy üçin täzelenen reýting sanawynda taryhyndaky iň ýokary netijä çenli beýgeldi.

Mundan ozal 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bu sanawyň 114-nji basgançagyna çykan milli ýygyndy ozalky rekordyny 5 basgançak gowulandyrdy.

Kosowanyň ýygyndysyna bilermenler tarapyndan 1176,28 utuk berildi. Bu bolsa soňky bir aýda ýygyndynyň 17,26 utugynyň köpelendigini görkezýär.