https://sportmedia.com.tm/habarlar/klublayyn-dunya-cempionaty-2022-nji-yylyn-basynda-bae-de-geciriler/Ge5MNFQorW8a1vh.jpg

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino nobatdaky klublaýyn dünýä çempionatynyň 2022-nji ýylyň başynda BAE-de geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada sport.ria.ru habar berdi.

Ozal klublaýyn dünýä çempionatyny Ýaponiýada geçirmek meýilleşdirilipdi. Sentýabr aýynda Ýaponiýa koronawirusyň ýaýramagy sebäpli 9-19-njy dekabr aralygynda geçiriljek klublaýyn dünýä çempionatyndan ýüz öwürdi. Soňra ýurduň ilatyna sanjym etmegiň zerurlygy sebäpli Günorta Afrika hem ondan boýun gaçyrdy.

"Klublaýyn dünýä çempionatyny Ýaponiýadan Birleşen Arap Emirliklerine, 2022-nji ýylyň başyna geçirmeli diýlip karara gelindi"- diýip, Infantino FIFA-nyň geňeşinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Afrika barada aýdanymyzda, ol ýerde oýna uly höwes we ajaýyp zehinler bar. Zerur infrastrukturanyň ýola goýulmagy bilen, Afrikada futbolyň ösjekdigine ynanýaryn"- diýip, Infantino žurnalistlere gürrüň berdi.