https://sportmedia.com.tm/habarlar/kayrat-gazagystanyn-kubogynyn-finalynda-sahtyor-bilen-dususar/wA74HluKs69UKwy.jpg

Almatynyň «Kaýrat» futbol toparynyň Gazagystan kubogynyň finalyndaky garşydaşy belli boldy. Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň şägirtleri final duşuşygyny Karaganda şäheriniň «Şahtýory» bilen geçirer. «Şahtýor» Kostanaý şäheriniň «Tobol» toparyny iki duşuşygyň netijesinde 7:2 hasabynda ýeňdi.

Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryş şu ýyl 29-njy gezek geçirilýär. Onuň ýeňijisi geljek ýylda Ýewropa Konferensiýalar ligasynyň ikinji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Final duşuşygy 28-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:30-da Nur-Sultan şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçiriler.