https://sportmedia.com.tm/habarlar/holifild-emin-tutlusygy-saklamaly-daldi/MMdDUAk5duwgG1c.jpg

Öňki dünýä çempiony Ewander Holifild Witor Belfortdan utulyşyna öz pikirlerini bildirdi.

Ol bu barada: «Ol güýçli ýigit. Men bu tutluşykda ejir çekmedim. Öz deňagramlylygymy ýitirjek hiç hili urgy bolmady. Ýöne, her niçik hem bolsa, men ýykyldym. Biraz gynandym, ýöne bolmaly iş boldy. Meniň pikirimçe, tutluşyk ýalňyş saklanyldy. Emin tutluşygy beýle çalt saklamaly däl-di»- diýdi.