https://sportmedia.com.tm/habarlar/hojamuhammet-toyciyew-super-agyr-agram-derejesinde-aziyanyn-in-guycli-dort-agyr-atletikacysynyn-hataryna-girdi/bCKiAQel3XTYed2.jpg

Mary welaýatyndan bolan sport ussady Hojamuhammet Toýçiýew, Taşkentde tamamlanan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde dördünji orny eýeledi.

7 ýurtdan 8 agyr atletikaçy super-agyr agram derejesinde medallar üçin bäsleşdiler. Ştangany silterläp götermek boýunça ilkinji iki synanyşygyny Hojamuhammet üstünlikli ýerine ýetirdi (176 kg we 181 kg). Üçünjide 187 kg almaga synanyşdy, ýöne netije bermedi. Itekläp götermek tapgyrynda, Türkmenistanyň abraýly tälimçisi Ikram Matkarimowyň 29 ýaşly okuwçysy, sargyt eden agramy - 223 kg göterdi, ýöne indiki iki synanyşygynda ilki 231 kg-y, soň bolsa, 232 kg-y göterip bilmedi. Netijede, H.Toýçiýew ​​jemi 404 kg agram göterdi. Bu agramda bürünç medaly 415 kg (190+225) göteren 2019-njy IWF dünýä çempionatynyň ýeňijisi Eişiro Murakami (Ýaponiýa) gazandy. Kümüş medaly 2018-nji ýyldaky 5-nji Halkara raýdaşlyk çempionatynyň ýeňijisi, Adam Asaad (Siriýa) - 433 kg (195+238) gazandy. Çempionatyň altyn medalyny, eýýäm yzly-yzyna ikinji gezek, 2018-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony, Ali Dawudi (Eýran) - 435 kg (196+239) gazandy.

çeşme: https://turkmenistan.gov.tm