https://sportmedia.com.tm/habarlar/hamzat-cimayew-erkin-goresde-hermanssony-yendi/KzBn3h4KG6cSY22.jpg

UFC-niň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew erkin göreşiň düzgünleri boýunça geçirilen tutluşykda UFC-niň ýene bir söweşijisi Jek Hermanssony 8:0 hasabynda ýeňdi. Çimaýew ähli utuklaryny birinji raundda gazandy.

Söweş Göteborgda (Şwesiýa) MMA boýunça Bulldog Fight Night ýaryşynyň çäginde geçirildi. Çimaýewiň üstünlikli çykyşyna garamazdan, söweş çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

27 ýaşly Çimaýewiň hasabynda MMA-nyň 10 söweşinde 10 ýeňiş bar. Ol garyşyk söweş sungatyna geçmezden ozal erkin göreş bilen meşgullanýardy. UFC-de Çimaýew ýarym orta we orta agram derejelerinde çykyş edýär. 33 ýaşly Hermansson (MMA-da 22 ýeňiş, 6 ýeňliş) bolsa, orta agram derejesinde çykyş edýär.