https://sportmedia.com.tm/habarlar/habib-name-ucin-ronaldony-messiden-guycli-hasap-edyanini-dusundirdi/7AYE2s0676Gb06c.jpg

Ýeňil agram boýunça UFC-niň ozalky çempiony Habib Nurmagomedow, EFC 40 turnirinden soň žurnalistlere beren interwýusynda näme üçin Kristian Ronaldony Messiden üstün goýýanlygy hakyndaky pikirlerini aýtdy.

-Siz hakykatdanam Ronaldony Messiden güýçli hasap edýärsiňizmi?

-Hawa, men şeýle pikir edýärin.

-Näme üçin?

-Messi gaty güýçli oýnaýar, ol taryhdaky iň gowy futbolçylardan. Olar oýun babatynda deňräk bolmagy ahmal. Ýöne Kristian ondan güýçlüräk. Ronaldo 17 ýyl bäri ýokary derejede, ol 2004-nji ýydaky Ýewropa çempionatynyň finalynda çykyş edipdi we ol ýerde güýçli futbolçylaryň içinde agzalýardy. Häzir 2021 we Ronaldo häzirem gol urýar we ýokary derejede. Bu futbolda az duşýan ýagdaý. Messi haçan başlady?!. 2005-2006-my ýa-da ondanam soňurrak?

-2005-nji ýyl ÝÇL-ni kim utdy?

-«Liwerpul».

-2006-njy ýyl kim aldy?

-«Barselona».

-Messiniň bu baýraga dahyly ýok diýjekmi onda?

-Diýsem diýäýerin, näme bolupdyr diýmez ýaly. Bu baýraga hiç hili dahyly ýok, sebäbi ol wagt başga futbolçy (Ronaldino) bardy. Siz gowusy dürli ýyllar bilen deňeşdirip görüň?! Kristian güýçlüräk çykar.