https://sportmedia.com.tm/habarlar/futboldaky-a-kapella/kmvNlmA0k2SrEkJ.jpg

Saz ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýar. Lemmer-lemmer, tolkun-tolkun duýgular has inçelip saza direýär. Sözüň gutaran ýerinde goşgy, goşgyň gutaran ýerinde saz başlaýar diýip ýöne ýere aýdylanok. Çünki, hat-da iň inçe lirika hasaplanylýan poeziýanam saz bilen bezäp bilýän halkymyzda, owalbaşda adamzada jan girende hem sazyň üsti bilen girenligi hakynda rowaýat bar. Ol rowaýaty eşitmedik az bolsa gerek, ýöne biziň bu gezek gürrüň berjek rowaýatymyz adamzada janyň girişi hakynda däl-de, türkmen futbolyna janyň girişi, has anygy milli futbol mentalitetimiziň kemala gelşi we onuň düýbüni tutujy futbolçylaryň biri Jumadurdy Meredow hakynda bolar.

 Sungat atly jadylaýjy dünýäň çetinden ýaňy giren 16 ýaşly ýetginjek ilki saz gurallary bilen gümra bolup ugraýar. Professional futbolçy bolmak höwesiniň bardygyna garamazdan, näme üçindir ýetginjegi saz dünýäsi özüne çekdi durdy. Şeýdibem, ol saz mekdebine gadam goýýar. Ana şondan soň ýigdekçäniň öňünde  täze dünýä açylyp ugraýar. Çetine degip degmänkäň uly gopgun turuzýan düwmeleriň arasyna barmak sygmaýanam bolsa hersiniň sesi aýratyn, olaryň ýogynyny-inçesini uzyn we gysgasyny sazlap, saz diýip atlandyrylýan nepis owazy çykaraýmak aňsat däl ekeni. Ony başarmak üçinem sazyň dilini okamaly, ýagny notany bilmeli. Owalbaşda sungata aşyk ýigdekçäniň eýýam saz hakynda hem düşünjeleri peýda bolup başlady: tä-äk, düşnükli, kiçi barmak bilen şujagaz düwmäni basýaň, baş barmak saz guraly saklamakda kömek edýär, ýokarky iki barmagam kiçini çekeňden basmaly, iň esasy zadam barmaklar basmaga şaý bolup durmaly, ýöne basmasyz wagty düwmäni basaýmaly däl. Ýogsam sazlaşyk ýitip, saz üýtgeýär we şuňa meňzeş.

 Asyl-ha, sazlaşygy öwrenmek sazdan başy çykýana kyn däl bolsa gerek. Sazlaşyk bolsa durmuşda esasy zat.

Notalar bilen belli derejede dil tapyşan ýetginjek bärdäki tejribesini ýaşyl meýdanda synap görmek isledi. Gözüňe döneýin, ýaşyl meýdan! Millionlary bendi eden ajaýyp oýnuň şowhunam islendik teatr sahnasyndan pes däl.

Sungat-diýip pyşyrdady.. Ýetginjegiň uly futbolyň bir gyrasyndan heniz ýaňy sereden wagty...

Ol düşündi- futbol meýdanynda hem şol düzgün, tälimçi düşündirdi: tä-äk, sen ýanyňdaky  bilen şu ýeri ýapýaň, çepiňdäki esasy hüjümi başlamaga kömek edýär, öňdäki ikisem çyzyk boýunça, çepdäki çykan wagty öňe çykmaly, iň esasy zadam çykmaga şaý bolup durmaly, ýöne çykmasyz wagty öňe çykmaly däl. Ýogsam sazlaşyk ýitip, oýun üýtgeýär we şuňa meňzeş.

Diýmek, ýene-de saz çalmaly, ýöne saz-guralsyz. Şeýdibem, biziň şol ýetginjegimiz ýaş futbolçy Jumadurdy Meredow bolup futbola gadam goýýar.

Durmuş mugallym. Ol öwredenok-da  görkezýär, emma biz ondan öwrenýäris. Bize bir zatlary öwredýänleri bolsa, bir ömür mugallym hökmünde göz öňümize getirip ýaşaberýäs...

Türkmen futbolynyň esasy uly mekdebi- gerşi garly gojaman daglar bilen adybir “Köpetdag” topary bolýar. Ýer ýüzüniň iň beýik nokady Gimalaý daglarynda bolsa, türkmen futbolynyň iň beýik nokady “Köpetdagda” ýerleşýär. Bir zada ünsüňizi çekesim gelýär... Heniz türkmen futbolynyň milli ýygyndysynyň, asyl-ha hiç ýygyndysynyň ýok wagty “Köpetdagda” türkmen futbolynyň milli mentaliteti şekillenipdi. Türkmenistan milli ýygyndysy futbolymyzyň ajaýyp aýdymy bolsa, “Köpetdag” sazy bolup aýdymyň sözlerinden öň halka eşdilip başlapdy. Ana, şol döwüriňem “Köpetdagy” hem Jumadurdy Meredowly “Köpetdagdy”, ondan soňky Garaşsyzlyk döwrüniň “Köpetdagy” hem Jumadurdy Meredowyň toparylygynda galdy.

1992-nji ýylyň 1-nji iýuny belgiýaly tennisçi Justin Eneniň tegelek on ýaşa dolan güni. Türkmenistan milli ýygyndysy Gazagystanda taryhdaky ilkinji oýnuny geçirýär. Gahrymanymyz Jumadurdy Meredow bolsa şol düzümde gorag çyzygymyzyň esasy futbolçysy bolup hereket edýär. Ana, şondan bäri haýsy futbolçy Jumadurdy aga ýaly türkmen toparlarynda uzak futbol oýnadyka? Oýlanyp oturmaň?! Tapmak kyn düşer. Jumadury Meredow bu barada dünýä ýüzünde nusga edip görkezilmäge mynasyp oýun görkezdi.

GDA-nyň kubogynda türkmen toparlary 3 gezek ýarym finala çykýar we üçüsinde hem Jumadurdy Meredow bar. Birinjisi 1994-nji ýyl, ikinjisi 1997-nji ýylda, üçünjisi bolsa 2006-njy ýylda. Göz öňüňize getiriň?! GDA döwletleriniň arasynda geçirilýän iň uly sport ýaryşynda ýurdumyzyň wekilleri tarapyndan görkezilen iň gowy netijeleriň hemmesinde duş gelip bilýän ýekeje at bu-Jumudurdy Meredowyň ady.


Yklym ýaryşlarynda ýurdumyzyň wekilleriniň iň gowy netijesini yzarlasagam, taryh bizi şol meşhur Hristo Stoiçkowa garşy oýnalan “Al-Nasr” – “Köpetdag” oýnuna alyp barar. AFK-nyň kubogyny almak üçin göreşilýän ýaryşyň ýarym finalyndan orun alan şol günki oýunda hem biziň ýaşajyk sazandamyzdan gözbaş alyp gaýdan gahrymanymyzyň adyna duşarys. Esasy goragçy Jumadurdy Meredow...

1996-njy ýylyň 25-nji noýabrynda yklymda güýçlüleriň biri bolan Eýran milli ýygyndysy, Tährandaky “Azady” stadionynda Türkmenistan milli ýygyndysyny kabul edýär. Ana, şol oýunda hem eýranlylaryň on ýyldan bäri öýünde utulmazdan gelýän “ýeňilmezlik zynjyry” üzülýär oturyberýär. “Eýran” – “Türkmenistan” 0:1. Ýene Jumadurdy Meredow.

Şol gün Eýran milli ýygyndysy, megerem, taryhdaky iň güýçli düzümi bilen çykyş edipdi, bu meniň pikirim, goşulmazlyga hakyňyz bar, emma şol döwürde Germaniýanyň “Bawarýasyndaky” esasy hüjümçi (meselem, şu wagtky Lewandowski) Türkmenistan ýygyndysynyň derwezesine ýol tapyp bilmedik bolsa, diýmek, türkmen goragçylaryna ýene-de bir gezek berekella. Toparyň serdary bolsa, ýene şol bize tanyş sazanda futbolçy Jumadurdy Meredow...

Türkmenistan milli ýygyndysy ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykmak üçin saýlama ýaryşlaryna girişende hem Jumadurdy Meredowy görmek bolýar. Saýlama ýaryşlaryň çägindäki ilkinji gol hem (Hytaý milli ýygyndysynyň derwezesine geçirilen) şu futbolça degişli...

4-5 ýyllykda goňşymyza Gazagystandan bir myhman geldi, menem ýanyna gürrüňdeş bolmaga bardym. Gürrüňden-gürrüň çykyp, söhbetimiz sporta, futbola syrygdy welin, myhman maňa el telefonyndan bir laý eşik görkezdi, adaty tomus geýilýän eşik. Bu näme diýsem:

-Ine, şu eşik men türkmen bolup Gazagystanda ýaşanyma garamazdan, Türkmenistanyň taryhyndaky şanly waka gatnaşanyma şaýat bolan eşikler, men ony öý muzeýimde saklaýan diýdi.

Görüp otyrsam, Türkmenistan milli ýygyndysynyň ilkinji oýnuny görmek üçin stadiona geýip baran eşikleri ekeni...

Geliň, indi umumy düşündiriş bermäge synanyşaýyn. Edebiýata taýýar şahyr bolup gelmek diýlen bir düşünje bar, meselem, ýaş şahyr ilki-ilki tribunalarda (gazet-žurnal telewideniýelerde) başlangyja mahsus goşgulary bilen tanalyp, soň halypalaryň göz öňünde olaryň goldawy esasynda kämilleşmek döwrüni başdan geçirýär. Emma käbir şahyrlar ilki çykyş edip başlanda hem, başlangyç şahyryň derejesinden ýokary derejede başlaýarlar. Şolar ýaly-da “Edebiýata taýýar şahyr hökmünde girip geldi” diýilýär. “Türkmenistan” futboly AFK agza bolanynda, eýýäm bir yklymyň islendik ýaryşyna taýýar derejede gelipdi. Milli ýygyndymyz yklymyň islendik topary bilen çekinmäni göreşe girip biljek derejede bolup geldi. Ilkinji giriş esasy zat bolup durýar. Meniň gözümde milli ýygyndymyzyň ilkinji meýdana düşen (şol sanda gahrymanymyz Jumadurdy Meredow hem) futbolçylary, onuň başlangyç nokady ýaly orun aldylar. Göýäki futbolymyz şol Gazagystandaky oýundan başlanýan ýaly bolup dur. Jumadurdy Meredow bolsa şolaryň içinde iň uzak futbol oýnanlygy, ýagny şol milli ýygyndynyň ilkinji oýnunda meýdana düşenleriň iň soňkusy bolup futboldan gidenligi üçin oňa bolan hormatym has ýokary bolup durýar. Türkmenistanyň içindäki uly stadionlaryň hemmesiniň her ädiminde däl, eýsem her barmak ýerinde-de Jumadurdy agaň aýak yzyna, maňlaý derine gabat gelmegimiz mümkin. Onuň goragyna gurşalmadyk derweze ýok bolsa gerek...

 Hawa, janköýerler, sözümiziň başyny saz bilen başlapdyk. Saz üçin bolsa zehin gerek, zehin bolandan soň onuň üstünde işläp başarmak bolsa, eýýäm ikinji basgançak, üçünji basgançagy bilýäňizmi? Üçünji basgançakda saz-guralsyz saz çalyp bilýänler durýar, “A kapella” göz öňüňize geldimi, bolup biler, ýöne haçan türkmen futboly, milli ýygyndymyz hakynda söz açylsa, şol ilkinji milliçiler we aýratynam, ýakyn-ýakyna çenli futbol oýnan Jumadurdy aga göz öňümde janlanyp, şirin aýdymyň başlangyç sazy ýaly hakydaňy oýarýar.

Geçmişiň süňňünden syzylyp çykan ruhuň bilen bu güne seretmek bolsa, hut şu günüň hakyky gymmatyny duýmak üçin hem iň beýik tilsim bolup durýar.

 Merdan Baýat.