https://sportmedia.com.tm/habarlar/formula-1-in-russiya-gran-prisinde-hemilton-100-nji-yensini-gazandy/xwslbsMT8FIpeJl.jpg

“Mersedes” toparynyň sürüjisi britaniýaly Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 15-nji tapgyry bolan WTB Russiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Soçide geçirildi.

Ikinji orny tapgyryň dowamynda kuwwatly gurluşy çalyşandygy üçin alan jerimesi sebäpli ýaryşa 20-nji ýerden başlan “Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen eýeledi. Üçünji “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns boldy. 

Hemilton Werstappenden öňe geçip, umumy sanawda birinji orna çykdy, britaniýaly sürüjiniň hasabynda 246,5 utuk, niderlandiýaly sürüjide 244,5 utuk bar. Liderleriň üçlügini “Mersedesden” finlýandiýaly Waltteri Bottas (151) jemleýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Mersedes” (362,5 utuk) eýeleýär, onuň yzyndan “Red Bull” (344,5) we “Maklaren” (215) gelýär.

Hemilton üçin bu ýeňiş “Formula-1-de” 100-nji boldy. Soçide ol bäşinji ýeňşini gazandy, öň 2014, 2015, 2018 we 2019-njy ýyllardaky tapgyrlarda birinji orny eýeläpdi. Russiýanyň Gran-prisi 2014-nji ýyldan bäri geçirilýär, “Formula-1-iň” rus tapgyrynda diňe “Mersedesiň” sürüjileri birinji boldy. 2016-njy ýylda tapgyrda germaniýaly Niko Rosberg, 2017 we 2020-nji ýyllarda Bottas ýeňiji boldy.

2023-nji ýyldan dünýä çempionatynyň rus tapgyry Leningrad sebitine geçiriler. Çempionatyň indiki tapgyry 8 – 10-njy oktýabrda Türkiýede bolar.