https://sportmedia.com.tm/habarlar/fifa-nyn-reyting-sanawy-wenesuela-bilen-yamayka-9-basgancak-asak-dusdi/QjJjpWMWq3zvuoq.jpg

Wenesuelanyň we Ýamaýkanyň futbol boýunça milli ýygyndylary FIFA-nyň täzelenen sanawynda iň kän basgançak aşak düşen ýygyndylar boldy.

Has takygy, bu ýygyndylar ozalkysyndan 9 basgançak aşak düşdiler. Şeýlelikde, geçen aýda 40-njy orundaky Wenesuela indi 49-njy, ozal 50-nji orundaky Ýamaýka bolsa 59-njy orna düşdi.

Şeýle hem, Islandiýa geçen aýdaky ornundan 7 basgançak aşak düşdi.