https://sportmedia.com.tm/habarlar/fifa-nyn-reyting-sanawy-togo-we-moldowa-taryhyndaky-in-pes-netijani-gorkezdi/a7iDq9KMBrGoZfA.jpg

Togonyň we Moldowanyň futbol boýunça milli ýygyndylary FIFA-nyň reýting sanawynda taryhyndaky iň pes görkezijä eýe boldular.

Mundan ozal 2021-nji ýylyň aprelinde 133-nji orna çenli aşak düşen Togo sentýabr aýyndaky sanawda 136-njy orna düşdi. Geçen ýylyň dekabrynda 177-nji orna düşen Moldowa bolsa, ýene üç basgançak aşaklap, 120-nji orna çenli geldi.

Soňky bir aýda bu milli ýygyndylaryň ikisi hem 5 basgançak aşak düşdi.