https://sportmedia.com.tm/habarlar/fifa-nyn-reyting-sanawy-liwiya-in-yokary-ucusy-amala-asyrdy/x0Q1YRot5B0RjmT.jpg

Liwiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň sentýabr aýy üçin täzelenen sanawynda ozalky netijesini 12 basgançak ýokarlandyryp, täze sanawdaky iň ýokary ösüşe eýe boldy.

Has takygy, geçen aýda 122-nji basgançakda görkezilen Liwiýa täze sanawda 110-njy orna beýgeldi.

Şeýle hem şu aýda Kanada 8, Panama, Kosowa, Liberiýa we Malta 6 basgançak ýokary galdy.